Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky topar Pakistanda gepleşikler geçirýär. Türkmen wekiliýeti Pakistanyň energetika boýunça federal ministri Hammad Azhar bilen duşuşdy.
“PPI” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi taslamalary boýunça pikir alyşdylar.
Ministr Hammad Azhar Pakistanyň TOPH taslamasyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek nygtap, taslamany çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp geçdi. Şol bir wagtda Türkmenistan tarapy hem bu köptaraply taslama ygrarly bolup durýandygyny bellenildi.
Hammad Azhar Pakistanyň Hökümetiniň ýurduň goşmaça tebigy gaz üpjünçiligini göz öňünde tutup, TOPH gaz geçirijisi taslamasyny gyssagly tamamlamak babatda tagalla edýändigini mälim etdi.
Ol Türkmenistan tarapdan hem taslamanyň möhletiniň ir tamamlanmagy üçin ähli çäreleri görmegini haýyş etdi.
Pakistan tarapy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi taslamasy boýunça bir hepdeden tehniki toparyň mejlsiniň geçirilmegi babatda ylalaşdy.