SPORT

Lempard “Ewerton” toparyna tälim berer

Angliýanyň “Ewerton” topary Frenk Lempardy baş tälimçi hökmünde wezipä belledi. 43 ýaşly hünärmen bilen 2024-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglanyşyldy.

Lempard soňky gezek Angliýanyň “Çelsi” toparyna tälim beripdi. Ol 2021-nji ýylyň ýanwarynda toparyň tälimçiliginden boşadylypdy.

Şol döwürde ol “Kristal Palas”, “Aston Willa” we “Norwiç” ýaly toparlar bilen gepleşikler geçirdi, ýöne käbir sebäplerden bu toparlary kabul etmedi.

“Ewerton” topary Angliýanyň milli çempionatynda 16-njy orunda barýar. Topar 20 duşuşykda 19 utuk jemledi.

Toparyň tälimçisi 16-njy ýanwarda Rafale Benitesi tälimçilikden boşadyldy.

DELLE ALLi WE WAN DE BEK HEM “EWERTONDA”

Şeýle hem “Ewerton” topary Frenk Lempard bilen bir hatarda “Tottenhem” toparynyň güýçli futbolçylaryndan Dele Allini hem transfer etdi. Bu futbolçy bilen hem 2024-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglanyşyldy.

2015-nji ýylda “Tottenhem” toparynyň düzümine goşulan Alli 269 duşuşykda oýnap, 69 gol geçirdi. Ol “Tottenhem” toparynyň soňky bellenen tälimçisi Antonio Konteniň döwründe känbir meýdança çykmady.

Şeýle hem “Ewerton” topary “Mançester Ýunaýted” toparynyň futbolçysy Wan De Beki hem kärendesine aldy.

 

Messiniň aýagy düşmedi

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri