DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň Prezidenti Hytaýa barar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow şu ýylyň 3-5-nji fewral aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda saparda bolar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Berlen maglumata görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Hytaýa amala aşyrjak iş sapary mynasybetli iş tertibini üýtgedip, uzakdan işlemek tertibine geçdi. Ýöne, ýurduň Prezidenti özüniň iş tertibini dolulygyna saklap galar.

Bu ýagdaýyň dünýädäki koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly epidemiologik howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 3-5-nji fewral aralygynda Pekinde saparda bolup, gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar we Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin bilen ikiçäk duşuşyklaryny geçirer.

Şeýle hem Pekinde “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” sammitiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

 

Ermenistanyň Prezidenti wezipesini meýletin tabşyrdy

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy