JEMGYÝET

Lebedewe Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýew bilen duşuşdy. Bu barada GDA-nyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Moskwa şäherinde geçirilen duşuşykda taraplar Arkalaşygyň integrasiýa işlerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.

Ilçi Batyr Niýazliýew Sergeý Lebedewe Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy” atly ýubileý medalyny gowşurdy.

 

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Hindistana sapary barada

Related posts

Türkiýede uçarman hünäri boýunça okuwlara kabul edilşik geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Gazkimya Tesisine Ziyaret

vepa

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi