BILIM

Ýokary okuw mekdepleri: Jemleýji döwlet synaglarynyň Düzgünnamasy

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde jemleýji döwlet synagy hakynda Düzgünnamany tassyklandy. Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda çykaran 286 belgili buýrugy bilen Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde jemleýji döwlet synagy hakynda Düzgünnama tassyklandy.  Bu Düzgünnama  2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji maddasynyň sekizinji bölegine, «Döwlet hünär bilimi edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda çykaran 2487-nji karary bilen tassyklanan Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnamanyň ýetmiş birinji bölegine laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde jemleýji döwlet synagyny guramagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen  kabul edildi.  Ministligiň Buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda 1547 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy we Adalat Ministrlginiň websaýtynda halk köpçüligine ýetirildi.

Düzgünnamany ýükläp almak üçin    JEMLEÝJI DOWLET SYNAGY   ýazan ýere basyň!

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Ýene-de okaň

Tomusky dynç alyş möwsümi başlady

Aşgabatda pars dili kurslarynyň tomusky möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanda mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy kömekçi hökmünde ulanarlar

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

Ata Watan Eserleri

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi

Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy işlenip düzülýär