JEMGYÝET

Adam atlarynyň manysy 12-nji ýanwar

Oglan atlary:

  1. Anna- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan’’ diýmek.
  2. Annaaman- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,, Anna güni doglan çaga uzak ýaşasyn, sag-aman ömür sürsün’’ diýmek.
  3. Annabagşy- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan ogul bagşy bolsun’’ diýmek.
  4. Annabazar- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan oglanyň durmuş ýoly bazar ýaly şagalaňly bolsun’’ diýmek.

5.Annabaý-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Anna güni doglan oglan döwletli bolsun’’diýmek.

 Gyz atlary:

  1. Annameňli-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan we bedeninde meňi bolan çaga’’ diýmek.
  2. Annanabat-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan süýji dilli gyz’’ diýmek.
  3. Annanäzik- bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan näzik,mylaýym gyz’’ diýmek.
  4. Annasadap-bu at gyzlara dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan gymmatly gyz’’ diýmek.

10.Annasoltan– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Anna güni doglan çaga gyzlaryň hany, soltany, seresi bolsun’’ diýmek.

 

12-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar