SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bill Geýtsden koronawirus barada nobatdaky çaklama

Dünýä belli “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy, milliarder Bill Geýts üstümizdäki ýylda koronawirusyň has howply ýa-da ýokançly görnüşiniň ýüze çykmagynyň ähtimalynyň azdygyny belledi. Ol bu barada özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torunda mälim etdi.

Geýts adamzadyň pandemiýa döwründe köp sanly garaşylmadyk wakalary başdan geçirendigini belläp, “omikron” görnüşiniň köp adamyň immunitetini täzeden düzýändigini belledi. Ol şu ýyl koronawirus ýokanjynyň azalyp, möwsümleýin kesele öwrüljekdigini mälim etdi.

Şeýle hem milliarder sanjymyň möhümdigine ünsi çekip, “omikron” görnüşiniň çalt ýaýramagy bilen köp sanly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň çynlakaý synaglaryny başdan geçirmeginiň mümkindigini hem belläp geçdi.

2021-nji ýylyň ahyrynda BSGG-niň hünärmeni Mariýa wan Kerkhowa hem 2022-nji ýylda koronawirus pandemiýasynyň tamamlanjakdygyna umyt bildirýändiklerini mälim edipdi.

BSGG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasyndan berlen beýanata görä, “omikron” görnüşiniň çalt ýaýramagyna garamazdan, 2022-nji ýylyň ortalarynda çenli dünýäniň ähli ýurtlarynda sanjym göteriminiň azyndan 70 göterime ýetirmek maksada ýetiljekdigi bellenildi.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ýene-de okaň

Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler