SIZDEN GELENLER

Döwrebap tehnologiýalaryň Watany

Dünýäniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän hem-de dünýä ylmynyň gazananlarynyň adamzat durmuşyna giňden ornaşýan şertlerinde ýurdumyzyň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşjak ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekligiň derwaýysdygyny dünýä tejribesi tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň “Ylmy barlaglaryň, şeýle-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeleri biziň ykdysady we intellektual ösüşimiziň esasydyr” diýen görkezmesi hem biziň döwletimizde ylym ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny önümçilige, adamzat durmuşyna ornaşdyrmaga, tehnologiýalary peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwrebap tehnologiýalar köp ugurly bolup, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giňden peýdalanylýar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam ediji, saglygy dikeldiş we bejeriş häsiýetli  tehnologiýalara bolan isleg gün saýyn artýar. Şeýle tehnologiýalaryň birine ionizator diýilýär. Ionizator howany aeroionlar bilen baýlaşdyrýar, ony arassalaýar we howanyň “şypaly” bolmagyny üpjün edýär. Aeroionlar howadaky tozan bölejikleriniň “çökmegini” ýardam etmek arkaly ony arassalaýar. Adam her gezek dem alanynda 500 müňe çenli aeroionlary kabul edýär. Bu bolsa otagyň howasynyň gysga wagtda ionsyzlanmagyna getirýär. Uly şäherlerde, gür ilatly ýerlerde adamlar ömrüniň 90%-ni ýapyk binalarda, iş otaglarynda geçirýärler. Netijede olar ömrüniň köp böleginde aeroion ýetmeziligine  sezewar bolýarlar. Ion ýetmezligi esasynda adam çalt ýadaýar, ünsi dagynyk bolýar, yzygiderli  kellesi agyrýar, bedeni ysgynsyz bolup, ýygy-ýygydan keselleýär, immun ulgamy gowşaýar.

Ionizatoryň goýberýän aeroionlary diňe howany arassalamaga däl-de, eýsem, elektrik togy bilen işleýän abzallaryň zyýanly şöhlelenmelerinden goranmaga hem mümkinçilik berýär. Aeroionlar öýken wentillýasiýasyny gowulandyryp, bedendäki belok, uglewod hem-de suw çalşygyny işjeňleşdirmäge, B toparly witaminleriniň sintezlenmesini ýokarlandyrmaga, ganyň düzümindäki fosforyň we kalsiniň derejesini, gandaky şekeriň konsentrasiýasyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda ionizatorlaryň dürli görnüşleri bolup, olar daşky görnüşi, ýerine ýetirýän işi, kuwwaty we ş.m. boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar. Ionizatorlaryň howany ionlaşdyrmak bilen bir wagtda ony arassalaýan, çyglandyrýan,  gyzdyrýan, sowadýan  ýa-da howa hoşboý ys berýän görnüşleri bardyr. Biz hem ylym, tehnologiýa babatynda öňdebaryjy döwletlerde alnyp barylýan işleri öwrenip, Türkmenistan döwletimiziň geografiki aýratynlygyna laýyk, biziň klimat şertlerimizi kanagatlandyrýan ionizatory taýýarladyk.

Türkmenistan döwletimiziň 70%-den gowurak meýdanyny Garagum çöli tutýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň klimatynyň gurak bolmagyna getirýär. Mundan başga-da howa-damja ýoly arkaly ýokanç keselleriniň ýaýramagy, Aral deňziniň guramagy netijesinde howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň artmagy we ş.m. meseleleri hem göz öňünde tutup, ionizatorymyza howany çyglandyryjy, arassalaýjy hem-de zyýansyzlandyryjy düzüm elementleri girizmegi maksadalaýyk hasapladyk.

Biziň ionizatorymyz bipolýar gurluşa eýe bolup, ol aeroionlaryň iki hili görnüşini hem generirleýär. Ionizatorda emeli usulda döredilen howa akymy zyýansyzlandyrylandan soň çyglandyrylýar we ionlaşdyrylýar. Otagdaky ionlaryň mukdarynyň kada laýyk bolmagyny gazanmak üçin ionizatorymyz rele arkaly awtomatiki usulda dolandyrylýar. Häzirki wagta zyýansyzlandyryjy ionizatorymyzyň peýdaly täsir koeffisiýentini artdyrmak boýunça degişli işleri alnyp barylýar.

Göwher Şukurowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy,

Täşliýew Allaýar, Fizika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

 

Alma sirkesi peýdaly önüm

Ýene-de okaň

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri