Dünýä jemgyýetçiliginde öz işini alyp barýan halkara guramalarda döwürleýin başlyklyk etmek düzgüni alnyp barylýar. Bu başlyklyk käbir guramalarda 6 aý, käbirinde bolsa 1 ýyl dowam edýär. Şol döwürde başlyklyk ediji ýurduň işläp düzen hem-de gurama agza ýurtlar tarapyndan tassyklanan konsepsiýa esasynda dürli çäreler guralýar.
2022-nji ýylda halkara guramalara başlyklyk ediji ýurtlar:
FRANSIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGINE BAŞLYKLYK EDER
Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk etmek gezegi 1-nji ýanwardan Fransiýa geçdi. Sloweniýadan bu wezipäni kabul edip alan Fransiýa 30-njy iýuna çenli başlyklyk eder. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bu döwürde Ýewropany dünýäde has güýçli etmek üçin tagalla ediljekdigini belledi.
Şeýle hem Ýewropa Bileleşigine başlyklyk edýän döwründe Fransiýada prezident saýlawlary hem geçiriler. Saýlawlaryň birinji tapgyry 10-nji aprelde, zerurlyk bolan halatynda ikinji tapgyry 24-nji aprelde geçiriler.
Fransiýa 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda başlyklygy Çehiýa berer.
POLŞA – ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA BAŞLYKLYK EDER
Polşa 1-nji ýanwardan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) başlyklygyny kabul etdi. Polşa Respublikasy 57 ýurdy öz içine alýan bu halkara guramada tutuş 1 ýyl utgaşdyryjy hökmünde çykyş eder.
Polşanyň başlyklygynyň doly maksatnamasy ýanwar aýynda Wenada hödürlener. Polşanyň başlyklygy döwründe ÝHHG-niň ähli guramalaryny, wekilhanalaryny we ähli gatnaşyjy döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.
GAZAGYSTAN – GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGY GURAMASYNA BAŞLYKLYK EDER
Gazagystan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň başlyklygyny kabul etdi. Ýurduň Prezidenti Kasym-Žormat Tokaýew Gazagystanyň GDA başlyklyk edýän döwründe söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we giňeltmek ugrunda tagalla ediljekdigini belledi.
Hususan-da, Prezident GDA ýurtlarynyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ünsi jemläp, ykdysady gatnaşyklara çemeleşmeleri gowulandyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Munuň üçin azyndan 2025-nji ýyla çenli senagat toplumlaryny ösdürmek üçin täze maksatnama düzmegi we hyzmatlar söwdasy barada şertnama baglaşmagy teklip etdi.
2022-nji ýylyň maý aýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň, oktýabr aýynda bolsa Arkalaşygyň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sammitiniň geçirilmegine garaşylýar.
2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasyna Belarus Respublikasy başlyklyk etdi.
ÖZBEGISTAN – ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA BAŞLYKLYK EDER
Özbegistan 2022-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) başlyklyk eder. Özbegistan ŞHG-niň başlyklyk döwründe sebitara söwdany ösdürmek we howpsuzlyk pudagyndaky ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin 80-den gowrak halkara çäresini geçirmegi meýilleşdirýär.
ŞHG-niň Döwlet baştutanlary geňeşiniň ýygnagyny 15-16-njy sentýabrda Özbegistanda geçirmek meýilleşdirilýär.
Mundan ozal, Özbegistan ŞHG-e üç gezek – 2004-nji, 2010-njy hem-de 2016-njy ýyllarda başlyklyk edipdi.
GERMANIÝA – G7-LIGE BAŞLYKLYK EDER
G7 (Uly 7-lik) guramasynyň başlyklygy Beýik Britaniýadan Germaniýa geçýär. Germaniýa başlyklyk döwründe ählumumy maýylganlyga garşy göreşi ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Bu abraýly guramada başlyklyk etmek Germaniýanyň täze hökümeti üçin nobatdaky synag bolar. Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkel 2 gezek başlyklyk edipdi.
Täze Kanlser Olaf Şols hem-de daşary işler ministri Annalena Berbok G7-däki başlyklygynyň ileri tutulýan ugruny howanyň üýtgemegine garşy göreşe bagyşlaýar. Munuň üçin “Gaty giç bolmazdan, hereket ediň” şygaryny saýlap aldylar.