MEDENIÝET

Tirsegi bilen hozlary döwüp, rekord goýdy

Pakistanda ýaşaýan Muhammed Raşid mundan ozal, ýagny 2018-nji ýylda kellesi bilen 1 minutda 243 hozy döwüp, Ginnesiň rekordyna giripdi. Ol bu gezek bolsa, tirsegi bilen 1 minutda 315 hozy döwüp, täze rekordyň eýesi boldy.

Pakistanyň raýatynyň hozlary döwüp duran pursaty jemgyýetçilik tory arkaly görkezildi. Ol gysga döwürde ýokary çaltlykda 315 hozy döwmegi başardy.

Şeýlelikde, ol bu gezekki çemeleşmesi bilen täze rekordyň eýesi boldy. Pakistanyň raýaty Muhammed Raşid bu rekordy goýmakdan örän hoşal bolandygyny belledi.

 

Ronaldo Messiniň ýerine geçmekçi

Related posts

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldular

Wan Goguň eseri 13 million ýewro satyldy

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler