DÜNÝÄ

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler.

Oňa gatnaşmak üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherine barýarlar.

Wladimir Putiniň başlangyjy bilen geçirilýän sammitde GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşylar.

GDA-nyň düzümine girýän ýurtlaryň Baştutanlary tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine garap, mundan beýläk-de özara gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşarlar.

Sankt-Peterburgdaky resmi däl duşuşyga Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem bu sammite Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew hem çagyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň esasy halkara we sebit meseleleri boýunça hem özara pikir alyşmalary geçirjekdiklerini belledi.

“Ronaldo 40 ýaÅŸyna çenli futbol oýnar”

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy