DÜNÝÄ

Bosgunlar boýunça ýokary derejeli wekilleriň maslahaty geçiriler

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly Bosgunlar hakyndaky Ählumumy ylalaşyk boýunça ýokary derejeli wekilleriň 1-nji maslahatynyň taýýarlyk duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň esasy maksady bosgunlar hakyndaky Ählumumy ylalaşykdan we Bosgunlar boýunça Ählumumy maslahatyndan gelip çykýan wezipeleriň dünýä ýurtlarynda ýerine ýetirilişini seljermek hem-de bu ugurda tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistan BMG-niň ynsanperwer düzümleri bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berip, raýatsyzlyk meselesini çözmäge hem-de bosgunlary goramaga we goldamaga gönükdirilen çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmaga uly goşant goşýar. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinjileriň hatarynda raýatsyzlyk baradaky esasy Konwensiýalara, Birleşen Milletler Guramasynyň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalaryna goşulyp, olardaky kadalary milli kanunçylyga ornaşdyrdy.

Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň wekilleri Türkmenistanyň adam hukuklary, şol sanda raýatlyga bolan hukuk babatda gazananlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilendigini bellemek bilen, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

17-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri