Ýewropanyň hem-de Günorta Amerikanyň futbol düzümleriniň arasynda dostluk we özara kömek baradaky ylalaşyga gol çekildi. Öňümizdäki 6 ýyl üçin göz öňünde tutulan özara düşünişmek hakyndaky ähtnama düzüldi.
Bu resminamanyň maddalarynyň birinde Ýewropa-2020 ýeňijisi bilen Amerikanyň Kubogynyň ýeňijisi, ýagny Italiýanyň milli ýygyndysy bilen Argentinanyň milli ýygyndysynyň arasynda duşuşyk geçirmek hem göz öňünde tutuldy.
Bu duşuşyk “Finalissima” diýlip atlandyrylyp, ony 1-nji iýunda Londonda geçirmek meýilleşdirildi.
Mälim bolşy ýaly, 1985-1993-nji ýyllarda Ýewropanyň we Günorta Amerikanyň çempionlarynyň arasynda UEFA-nyň ozalky ýolbaşçylaryndan Artemio Frankiniň adyny göterýän kubogy almak ugrunda duşuşyk guraldy.
1985-nji ýylda Fransiýa Urugwaýy 2:0 hasabynda utdy, 1993-nji ýylda bolsa, Argentina Daniýany esasy wagty 1:1 tamamlanan duşuşykda 11 metrlik jerime urgurlary arkaly 5:4 hasabynda ýeňipdi.
Bu duşuşyk simwoliki bolup, onuň Ýewropa bilen Günorta Amerikanyň futbol düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge goşant goşýar.
Bilşimiz ýaly, koronawirus ýokanjy zerarly 1 ýyl yza süýşürilip, şu ýyl geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Italiýa çempion bolupdy.
Amerikanyň Kubogy ýa-da Kopa Amerikada bolsa Lionel Messili Argentina çempion bolupdy. Messi mili ýygyndysy bilen ilkinji kubogyny gazanypdy.
Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy derýanyň kenarynda geçiriler