TEHNOLOGIÝA

Hem eplenýän hem giňelýän ilkinji  smartfon

Täze bukulýan telefon düşünjesi Hytaýda geçirilen ýarmarkada hödürlendi. “TCL” kompaniýasynyň “Fold’n Roll” diýip atlandyrýan telefony iki bölege bölünýär we gyra tarap giňelýär. Eplenýän telefon bazary günsaýyn ösýän sebite öwrüldi. Köp kompaniýalar bukulýan meýdany aýratyn segment hökmünde görýärler. Şeýle hem, “Samsung” ýaly kompaniýalar her ýyl bukulýan telefon modellerini yzygiderli çykarýarlar. Şeýlelikde, dünýäde ilkinji gezek bukulýan we giňeldilen smartfon hödürlendi. Eplenýän telefonlar, her zerurlyga laýyk we az ýer tutýandygy sebäpli, has hem ileri tutulyp başlandy.

Iň soňky tolgundyryjy habar Hytaýdan geldi. Hytaýda ýerleşýän ykjam telefon öndürijisi “TCL” täze düşünje telefonyny hödürledi. “DTC 2021” ýarmarkasynda hödürlenen telefona “Fold’n Roll” diýlip atlandyrylandygy mälim edildi. Munuň sebäbi, bu telefon açylandan soň bir gapdala süýşüp, epilýär we giňelýär. “Twitter”-de paýlaşan “Fold Universe” hasabynyň paýlaşylmagy arkaly ýüze çykarylan suratlardaky smartfonyň doly açylandan soň ulalýandygy görünýär. “TCL” kompaniýasynyň inženerleri takmynan alty aý ozal telefon üçin öz pikirlerini paýlaşdylar. “DTC 2021”-e çykarylan telefon ilkinji gezek görkezildi. Beýleki bir smartfon öndürijisi “Oppo” ýylyň başynda bir gapdala süýşmek düşünjesini paýlaşypdy. Şeýle-de bolsa, “TCL”-iň telefony hem bukulýar, hem-de gapdalda giňelýär. Bu, ahyrky görnüşinde planşet ululygyndaky ekrany diýen ýaly giňişlik döredýär. Şeýle hem, ähli aýratynlyklar ilkinji gezek bir telefonda ýygnandy.

Tehnologiýa kompaniýalary konsepsiýa tapgyrynda galan köp modelleri öndürýärler. “Fold’n Roll” modeliniň köpçülikleýin önümçilige başlajakdygy hem doly belli däl.

“Counterpoint Research” atly gözleg kompaniýasynyň gözleg işlerine görä, bukulýan smartfon bazary satuwa doýmaýar. 2021-nji ýylda 9 milliona golaý bukulýan telefon satyldy. Geljek ýyl bu sanyň üç esse artmagyna garaşylýar. 2023-nji ýyla çenli dünýäde 90 million töweregi bukulýan telefon satylar diýlip çaklanylýar.

2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, bazar paýy 88 göterim bolan “Samsung” bu ugurda agdyklyk edýär. Geljekde “Samsung” -yň bu bazardaky paýyny hem saklamagyna garaşylýar.

Dünýäniň iň täsirli zenanlary

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy