Dünýäde ilkinji ösümlik esasly koronawirus sanjymy Kanadada öndürildi. Sanjymyň koronawirusyň ähli görnüşlerine garşy 71 göterim täsir edýändigi habar berildi. Düýbi merkezi Kwebek welaýatyna bagly, Kanadanyň Kwebek şäherinde ýerleşýän “Medicago” şereketi bilen Angliýanyň “GlaxoSmithKline” derman kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda öndürilen sanjymyň we 3-nji tapgyra kliniki synaglarda infeksiýa garşy ýokary netijeliligi görkezýändigi hem mälim edildi.
Kompaniýanyň beren beýanatynda sanjymyň öwrenilen ähli wirus görnüşlerine garşy umumy netijeliliginiň 71 göterimdigi aýan edildi. Kanadanyň Saglygy goraýyş ministrligine zerur arzalaryň beriljekdigi aýdylýan beýannamada sanjymyň ösümlik mazmuny barada jikme-jiklikler entek doly ýok.
Medisina ministrliginiň metbugat sekretary Braýan Ward “CBC” bilen söhbetdeşlikde ministrlik ygtyýarnama berse, sanjymyň wirusa meňzeş bölejik tehnologiýasyny ulanýan ilkinji “Covid-19” sanjymynyň we adamlaryň ulanmagy üçin tassyklanan ilkinji ösümlik sanjymynyň boljakdygyny aýtdy. Ward: “Bu, diňe Kwebek we Kanada däl, dünýä üçin ilkinji bolar. Entek sanjym edilmedikler we iki dozadan başga-da güýçlendiriji doza zerur bolanlar üçin sanjymymyza möhüm zerurlyk bolar diýip pikir edýärin.” -diýdi.
Ösümlik esasly sanjym, koronawirusa meňzeş, ýöne genetiki materialyny öz içine almaýan ösümlikden alnan wirusa meňzeş bölejikleri ulanýar.
Beýanata görä, sanjym immunitetiň ýokarlanmagyna kömek etmek üçin güýçlendiriji bilen üpjün edildi. “Medicago”kompaniýasy öz beýanynda 3-nji tapgyra degişli synagyň doly netijeleriniň ýakyn wagtda gözden geçirilýän ylmy neşirde çap ediljekdigini aýtdy.