DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berer

Türkmenistan döwletimiz Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini berer. Bu barada hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýubiler ýylymyzda ýanwar-noýabr aýlarynyň jemlerine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýakyn wagtda Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini ibermegi guramagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Owganystanda çylşyrymly ýagdaý dowam edýär. Şu ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş saparda boldy we köp sanly duşuşyklary geçirdi.

Türkmen tarapy Owganystanyň täze döwlet edaralary bilen konstruktiw dialoga we ysnyşykly işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.

Goňşy Owganystan yzygiderli ynsanperwer kömegini iberýän Türkmenistan döwletimiz şu ýylyň sentýabr aýynda hem Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradypdy. Bu ynsanperwer kömegi Owganystandaky bolup geçen wakalardan soňky ilkinji kömek bolupdy.

 

Awtoulaglaryny doly elektrik toguna geçirer

Ýene-de okaň

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler

BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň wekiliýeti Awaza forumyna gatnaşýar

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenbaşa geldi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy arkaly 2 müňden gowrak myhman Awazadaky foruma geler

Türkmenistan BMG-niň Awaza forumyna gatnaşyjylary garşylaýar

Türkmenistan Owganystanyň Turgundy portuny döwrebaplaşdyrmak üçin şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri