SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Üçünji sanjym «Omikrondan» gorar

Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy.

Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär.

Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem peýdalydyr. Şeýle hem bu sanjymlar bilen işleýän topar üçünji urluşda «Pfizer» sanjymynyň ýarym dozasynyň hem peýdaly bolup biljekdigini öňe sürýär. Şonuň üçin hem Angliýanyň hökümeti geljek iki ýyl üçin bu sajymyň goşmaça dozasynyň 114 million nusgasyny sargyt etdi.

Umuman, üçünji sanjymlar infeksiýanyň ýokuşmak ähtimallygyny ikinji sanjymdakydan hem 93 göterim azaldýar.

7 sanjymda synag geçirildi

Southempton uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen gözleglere 3 müň adam gatnaşdy. Olaryň ählisi ozal «AstraZeneka» ýa-da «Pfizer» sanjymlarynyň ikisini hem alan adamlardyr. Olaryň sanjym alanyndan bäri üç aý geçendigine hem aýratyn üns berildi.

Şeýlelikde, alymlar üçünji sanjym üçin 7 sanjymy barladylar. Olaryň hatarynda «Oxford-AstraZeneca», «Pfizer-BioNTech», «Moderna», «Novavax», «Janssen», «Curevac» we «Valneva» sanjymlary bar. Geçirilen barlaglar olaryň ählisiniň hem üçünji gezek urulmagy bedeniň güýjüni has artdyrýandygyny görkezdi. Şeýle-de bolsa käbir netijeler boýunça «Moderna» we «Pfizer» sanjymlary beýleki «garyndaşlaryndan» has öňe saýlandy. Eger ozalky iki sanjym «AstraZeneca» bolan bolsa, üçünji sanjym has peýdalydyr.

Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, üçünji sanjymlar häzir gizlinligini goraýan «Omikron» wirusyna garşy hem em bolup biler. Muny toparyň wekili, professor Saul Fost hem tassyklady.

 

98 ýyllyk taryhynda ilkinji zenan ýolbaşçy

Ýene-de okaň

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar

Türk kompaniýasy Aşgabat şäherinde köpugurly hassahana gurar

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri