2021-nji ýylyň 29-05-nji noýabr,dekabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!
Hamal (guzy 21.03-20.04)
Hepdäniň birinji ýarymy hamallarda işden doly we şol bir wagtyň özünde şowly bolar. Zähmete ukyplylygyňyzyň ýokary bolmagy bilen siz iň kyn işlerden-de baş alyp çykyp bilersiňiz. Şeýle-de bu hepde gün tertibiňizi sazlamak üçin gowy wagtdyr. Hepdäniň ikinji ýarymy intellektual işler üçin oňaýly däldir. Talyplara täze materiallary özleşdirmek aňsat düşmez. Köp zatlar has kyn we bulaşyk ýaly görüner. Häzir syýahatçylyk üçin gaty bir gowy wagt däldir.
Sowur (öküzçe 21.04-20.05)
Sowurlar üçin hepdäň birinji ýarymy öz şahsy durmuşyňyza gönükdirilen sazlaşykly ýagdaýda bolar. Söýgüli ýaryňyz bilen gatnaşygyňyz has-da gowulaşar. Sizi jemgyýetçilik ýerlerine çagyrsalar, ýaryňyzy-da ýanyňyz bilen alyp gidiň. Hepdäniň ikinji ýarymy garaşylmadyk wakalardan köp bolar. Saglygyňyza gowy serediň. Elektrik enjamlar bilen işleşeniňizde seresap boluň.
Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)
Jöwzalara hepdäniň birinji ýarymynda hojalyk işlerine üns bermek maslahat berilýär. Siziň
elbetde, gyzyklanma bolmadygy ýa-da wagtyňyzyň ýoklugy sebäpli yza goýan öý işleriňiz bardyr. Saglygyňyzy berkidiji maşklary etmekligi-de ýadyňyzdan çykarmaň. Hepdäniň ikinji ýarymynda ýan-ýoldaşyňyz ýa-da işdeşiňiz bilen düşünişmezlikleriň güýçlenmegi bolup biler. Bellibir karara gelmezden öň ähli zady tertipleşdirmek we birek-birege doly düşünişmek gerekdir.
Seretan (leňňeç 22.06-22.07)
Hepdäniň birinji ýarymynda seretanlara köp duşuşyklar, gyzyly gürrüňdeşlikler, syýahatlar
garaşýar. Romantiki tanyşlyklar üçin-de gowy wagt. Olar syýahatyň dowamynda, teatrda ýa-da kafelerde bolup biler. Ene-atalara çagalary bilen gürrüňdeşlik etmek aaýratyh lezzet berer. Hepdäniň ikinji ýarymynda özüňizi duýuşyňyz birneme erbetleşip biler. Dermanlary
peýdalanyňyzda ünsli boluň. Olary bulaşdyrmak ähtimallygyňyz bar.
Eset (ýolbars 23.07-23.08)
Esetlere hepdäniň birinji ýarymynda finans meselelerini düzgünleşdirmek zerur bolar. Bu wagt siziň täze girdeji çeşmelerini tapmak mümkinçiligiňiz bar. Garyndaşlaryňyzdan kimdir biriniň pul kömegini bermek ähtimallygy hem aradan aýrylmaýar. Egin-eşik ýa-da öý goslaryny almak üçin-de gowy wagt. Ýakyn garyndaşlaryňyz biken gatnaşyklaryňyz diýseň hoşniýetli bolar. Hepdäniňikinji ýarymynda romantiki gatnaşyklarda düşünişmezlik bolup biler. Söýgüli ýaryňyzy gabanmajak boluň. Bolmajak zatlary islemegiňiz, has köp zatlara garaşmagyňyz hem araňyzyň bozulmagyna getirip biler.
Sünbüle (gyz 24.08-23.09)
Hepdäniň birinji ýarymynda sünbüleler islendik adam bilen dil tapyşyp biler. Häzir tanyşlyklar üçin gowy wagt dowam edýär. Özü-de, ol tanyşlyklar işewür hem, şahsy hem bolup biler. Siz gürrüňdeşiňizi aňsatlyk bilen özüňize çekip bilersiňiz. Şeýle-de häzirki wagt bilum almak üçin-de gowudyr. Intelektual işjeňligiňiziň ýokarlanmagynyň hasabyna siz iň kyn materiallary-da aňsatlyk bilen özleşdirip bilersiňiz. Hepdäniňikinji ýarymynda nikaňyzda we maşgalaňyzda gatnaşyklaryň kynlaşmagy ähtimal. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de birek-birege ynanmazlyk bolar.
Mizan (terezi 24.09-23.10)
Mizanlara hepdäniň birinji ýarymynda özlerini tutuş işe bermeklik zerur bolar. Şeýle-de bu wagt siziň ruhy tejribeligiňizi ösdürmek üçin zerur bolar. Bu hepde siziň ýygnan maglumatlatyňyz we fakylaryňyz boýunça ylmy iş ýazmagyňyz üçin gowudyr. Hepdäniň ikinji ýarymynda daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşygyňyzy çäklendirmek maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10-22.11)
Akraplara hepdäniň birinji ýarymynda doslary bilen wagt geçirmek, gürleşmek, ýa-da pikirdeşleri tarapdan goldaw gerek bolar. Size öz beýik meýilnamalaryňyzy amala aşyrmagyňyz üçin dostlaryňyzyň we ýakyn garyndaşlaryňyzyň kömegi zerur bolup biler. Bu hepde täze duýgulardan we täsirlerden doly bolar. Hut şonuň üçin-de bu hepde size dostlaryňyz bilen wagt geçirmek peýdaly we gyzykly bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda finans çykdajylary bolmaz.
Kowus (keman 23.11-21.12)
Hepdäniň birinji ýarymynda kowuslar meýilnamalaryny ýerine ýetirmekde gizlin howandaryň goragyna bil baglap biler. Bu esasanam hünär işjeňligi meselelerine degişlidir. Ýagdaýy takyk suratlandyrmaga mümkinçilik berýän gizlin çeşmelerden maglumat alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, bu ruhy ybadatlar üçin amatly wagtdyr. Hepdäniň ikinji ýarymynda başlangyçlardan saklanmaly. Bu döwürde aldawa düşmekligiň, ýalňyş hereketler etmegiň ähtimallygy ýokarlanýar we bu garyndaşlaryňyz, ýakyn adamyňyz bilen gatnaşyklara täsir edip biler.
Jedi (owlak 22.12-20.01)
Köp jediler hepdäniň birinji ýarymynda täze bilimlere has köp mätäçlik çekerler. Bu hepde
okuwçylar üçin amatly pursat. Çylşyrymly okuw materiallaryny özleşdirmek, mugallymlar we synpdaşlar bilen sazlaşykly aragatnaşyk gurmak, ekzamenleri we synaglary tabşyrmak kyn bolmaz. Hepdäniň ikinji ýarymy, töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklaryňyza dartgynlylyk goşup biler. Gizlin syrlaryňyzy hiç kime ynanmazlyga we şahsy durmuşyňyzy aç-açan aýtmazlyga çalşyň. Bu günler aýdýan sözleriňiz size garşy ulanylyp bilner.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Hepdäniň birinji ýarymynda daluwlara maksatlary üçin has işjeň göreşmek we üýtgemelerden gorkmazlyg maslahat berilýär. Adaty bir zat netije bermese, çemeleşmäňizi üýtgediň. Şonda işiňiz gowulaşar. Iş ýerinde işgärleriň üýtgemegi bolup biler, netijede karýeranyň basgançagynda ep-esli öňe gidip bilersiňiz. Bu döwürde ýagdaýdaky üýtgeşmelere çalt reaksiýa bermek zerurdyr. Hepdäniň ikinji ýarymynda lapykeçlik bolup biler: meýilleşdirilen meýilnamalaryň hemmesi durmuşa geçirilmez. Bu wagt daşardan gelýän maslahatlary diňlemejek boluň.
Hut (balyk 21.02-20.03)
Hutlarda hepdäniň birinji ýarymy hyzmatdaşlygy gurmak üçin gowy geçýär. Ýan ýoldaşyňyz we işgäriňiz bilen islendik duýgur meseläni ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Şeýlelik bilen,
ikitaraplaýyn bähbitli ylalaşyga gelip bilersiňiz. Şeýle hem bu hepde ýan ýoldaşyňyz bilen syýahat etmek üçin amatly pursat. Hepdäniň ikinji ýarymynda dolandyryş gatnaşyklarynda weýrançylyk we bulaşyklyk bolup biler. Bu möhüm meseleleri ene-atalaryňyz, esasanam kakaňyz bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin iň amatly pursat däldir.
Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!
Janyňyz sag, işleriňiz ugruna bolsun!
30-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama