DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy ministrler duşuşygy geçiriler

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 14-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

– Forumyň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pandemiýanyň täsiri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibi göz öňünde tutup, mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri maslahatlaşylar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Şeýle hem gatnaşyjylar Sekretariatyň täze direktorynyň dalaşgärini tassyklap, Forumyň sekretariatynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny kabul ederler.

Forumyň jemleri boýunça gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bilelikdäki beýanat kabul ediler.

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 14-nji duşuşygynyň öňüsyrasynda Duşanbe şäherinde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Işewürler forumynyň ilkinji mejlisi geçiriler.

Bu forumda bu foruma gatnaşyjy ýurtlaryň işewürler wekilleriniň arasynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 13-nji mejlisi 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Seul şäherinde geçirilipdi.

“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy 2007-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bu forumyň geçirilmegindäki maksat Koreýa Respublikasy bilen  Ýewraziýanyň ýüreginde ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

 

Germaniýada Merkel döwri tamamlandy

Ýene-de okaň

Si Szinpin: Hytaý ABŞ bilen “TikTok” boýunça gepleşiklerden hoşal

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi

Ýurdumyzyň käbir zenanlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

Ýurdumyzyň käbir raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri