Hormatly Prezidentimiz: «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr» diýip belleýär. Bu çuň manyly jümle kitabyň gadyr-gymmatyny doly açyp görkezýär.
Halkymyzyň kitaba bolan söýgüsi çäksizdir. Şeýle bolansoň, bu gün kitaba uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli kitaplara höwes we gyzyklanma has-da ýokarydyr. Bagtyýar halkymyz döwlet Baştutanymyzyň kitaplaryny özüne ýol-ýörelge, şamçyrag edinýär.
Kitabyň içinde pikir-düşünjeler, dünýägaraýyşlar, duýgular gaplanyp goýlandyr. Kitabyň içindäki pikirler okyjynyň duýgularyny özüne tabyn edýär. Gündogaryň tanymal alymlarynyň biri kitap barada: «Kitap seni erbetlige yrmaýan dostdur, seni tukatlandyrmaýan ýoldaşdyr, saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan goňşudyr» diýipdir.
Kitaplar milletleriň taryhynyň we geçmişden galan pikir-düşünjeleriniň aýnasydygy mälim. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň döredijilik tejribelerini arkama-arka geçirýärler we şu günki nesillere iň dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Olar adamzadyň ruhy we durmuş tejribeleriniň saklanýan gorudyr, ýazuw gymmatlyklarynyň genji-hazynasydyr, geçen döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten bahasyz mirasdyr. Kitaplar ynsanlaryň ýaşap geçen ömrüniň we ýaşaýyş-durmuşynyň menzilleriniň her bir pursatyny häzirki döwrüň ynsanlaryna ýetirýärler. Bu maglumat alyş-berşiň netijesinde şu günki günlerimizde ýaşap ýören ynsanlar geçmişiň ýüzýyllyklarynda ýaşan ynsanlaryň akyl-paýhasyna, tejribelerine eýe bolýarlar hem-de ýüzýyllyklaryň tejribesi bilen durmuşyny dolandyrýarlar.
Ata-babalarymyz perzentlerine kitap okamagy, hat-ýazuwy öwrenmegi pugta sargar ekenler. Kitap okamagyň peýdasy hakynda aýdylan pendi-nesihatlar örän kän. Gyzyla gaplaýmaly ol pikirleriň her biri häzirki döwrümizde hem uly ähmiýete eýe. Kitap okalýan ýerde jemgyýet ösmek, kämilleşmek bilen bolýar. Taryhdan mälim bolşuna görä, kitaby köp okaýan jemgyýet dünýä nusgalyk medeniýeti döredip bilýär.
Belli alymlar kitap okamagyň egsilmez hazynadygyny belläp geçipdirler. Okamak ýüregi şatlandyrýar, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar. Kitap okaýan wagtyň hemişe gowy adamlaryň arasynda bolasyň gelýär. Wagtyňy haýyrly zatlara sarp edýärsiň. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Okumyş adam bilime baý bolup, ýatkeşligi, düşünjesi ýitileşýär. Kitaby köp okasaň, ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapyp bolýar. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplar biziň her birimiz üçin medeniýetimiziň çeşmesidir. Täze taryhy döwrümizde ulus-ilimize gymmatly kitaplary sowgat edýändigi, türkmeniň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny belende göterýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz tükeniksizdir.
Gurbangylyjowa Merjen.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy