JEMGYÝET

Köpugurly işewür merkezli «Garagum» oteli açyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ýene-de bir ajaýyp ýerleriniň birine öwrüldi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýäşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar we desgalar bilen ýetirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Turkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli oňyn daşary syýasy ugry, onuň çäk taýdan amatly—Ýewraziýa we yklymara gatnaw ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzyň hem-de sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde baş şäheriniň abraýyny barha belende galdyrýar. Bu ýerde iri çäreleri we forumlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşen eziz Watanymyz häzirki wagtda bu meşhur ýoly täze taryhy ýagdaýlarda gaýtadan dikeltmek işine işjeň gatnaşýar.

Şonuň bilen birlikde, Aziýanyň hakyky merjeni bolan Aşgabat işewürlik we syýahatçylyk merkezine öwrülip, daşary ýurtly myhmanlaryň barha köpüsini özüne çekýär. Şeýlelikde, «Garagum» myhmansöýerligiň, döstlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Bularyň ählisi bolsa, türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri şan-şohrata eýe bolan häsiýetleridir.

6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhananyň binasynda, taslama laýyklykda, kaşaň otaglaryň 87-si, şol sanda standart, sýut, lýuks hem-de super lýuks otaglar göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, restoranlar, banket zaly, suwda ýüzülýän howuzlar, dürli trenažýorlar bilen üpjün edilen fitnes-zal, tennis meýdançasy we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Işewürler merkezinde işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin oňaýly şertler dörediler.

 

Howany arassalaýan ýaşyl binalar gurulýar

 

Ýene-de okaň

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy

ALSA tarapyndan guramaçylykly geçirilen çäre: LL.M. karýerleri we J.D. geçiş paneli uly gyzyklanma döretdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri