Dünýäniň iň baý adamy we “Tesla” kompaniýasynyň düýbüni tutujy Ilon Mask bir twit bilen ýene-de ünsi özüne çekdi. Mask 62 milliondan gowrak yzarlaýjysyndan “Tesla” kompaniýasynyň paýnamasynyň 10 göterimini satmagy maslahat berip bermeýändiklerini sorady.
“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask “twit” bilen köpleriň ünsüni çekmegi başardy. Mask öz resmi hasabynda: “Tesla paýnamalarymyň 10 göterimini satmagy teklip edýärin, goldaýarsyňyzmy?”- diýip, 62 milliondan gowrak yzarlaýjysyndan sorady.
Maskyň pikir soralyşygyndaky ýazgysy 2,5 milliondan gowrak ses aldy. Dowam edýän gözlegde, Maskyň paýlaryny satmagyny isleýänler öňde barýar. Mask anketanyň çynlakaýdygyny we netijäniň nähili boljakdygyny yzarlajakdygyny ýene bir gezek mälim etdi. ABŞ-da käbir demokratlar “milliarderlerden salgyt” atly täze salgyt getirdi. Mask: “Men hiç ýerden aýlyk ýa-da nagt pul almaýaryn. Diňe paýnamalarym bar we bu salgyt tölemegiň ýeke-täk usuly aksiýa satmak” -diýdi. Gözlegiň netijesinde, Ilon Mask eýeçiligindäki elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla”-daky 10 göterim paýyny satsa, takmynan 21 milliard dollar nagt pul alar.
“Tesla, Inc.” ýa-da gysgaça “Tesla”, Kaliforniýanyň Palo Alto şäherinde ýerleşýän Amerikan kompaniýasy bolup, elektrik ulaglaryny dizaýn edýär, öndürýär we satýar. Şeýle hem bu kompaniýa, täzelenip bilýän / ýaşyl energiýa önümlerini öndürýän, ulaglara hatda öýde-de arassa batareýa energiýasyny saklamaga mümkinçilik berýän “SolarCity” kompaniýasy arkaly Gün panellerini ýa-da Gün plitalaryny öndürip satýar. Taryhynda ilkinji gezek 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde paýdarlaryna aksiýalaryny paýlady.
Inženerler Martin Eberhard we Mark Tarpenning tarapyndan 2003-nji ýylyň iýulynda “Tesla Motors” hökmünde döredilen bu kompaniýanyň ady, elektrik tehnologiýasyna goşan uly goşantlary üçin meşhur oýlap tapyjy we elektrik inženeri Nikola Teslanyň adyndan gelýär. Dünýäde birinji ýerde durýan Ilon Mask “SpaceX” we “Tesla” -nyň gazananlary bilen tanalýar.