«Nýu-Ýorkuň» ýakynda geçirilen saýlawlarda saýlanan gubernatory Erik Adams ilkinji üç aýlygyny bitkoinde aljakdygyny mälim etdi.
Demokratik partiýa tarapyndan dalaşgär görkezilip, berlen sesleriň ýaryndan gowragyny alan Adams wesipesine ýanwar aýynda girişer. Ol «Twitter» jemgyýetçilik torunda paýlaşan ýazgysynda Nýu-Ýorkda kriptowalýuta industriýasynyň çalt ösýändigine ünsi çekdi. Onuň ýazyşy ýaly, ştat geljekde dünýäniň iň iri kriptomerkezleriniň birine öwrülip biler.
Şeýle hem ol «Bloombergiň» radioýaýlymyna ştatyň öz kriptopuluny çykarmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle tejribe Amerikan Birleşen Ştatlarynda häzir Maýama mahsusdyr. Bu başlangyçda Maýaminiň gubernatory Fransis Suaresiň aýratyn uly paýy bar. Ol ýakynda aýlygynyň ählisini bitkoinde aljakdygyny mälim edipdi we sözünde durýar.
Suares «Bloomerge» mail poçta arkaly ýazan hatynda Adams bilen ýakyn dostdugyny nygtap, bu dostlukdan örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol Adamsyň Amerikan şäherlerini kriptowalýuta boýunça öňdebaryjy hala getirmekde berýän ýardammyna hoşallyk bildirdi.
Iki gubernatoryň bu ädimi bitkoiniň pul hökmünde dolanyşygyna girmegine nähili täsirini ýetirjekdigi barada heniz bir zat aýtmak kyn.
Ýeri gelende aýtsak, sesleriň 67 göteriminiň özüne berilmegini gazanan Adams Nýu-Ýorkuň taryhyndaky ilkinji garaýagyz gubernator bolar. Häzir 61 ýaşly Adams zähmet ýoluna 1984-nji ýylda polisiýada başlady we 2006-njy ýylda baş komissar bolup işlänsoň, syýasata geçdi.
Türkmen telekeçileri Gyrgyzystanda täze ylalaşyklar baglaşdy