BILIM

Russiýanyň uniwersitetlerine ýüz tutmagyň möhleti uzadyldy

Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýüz tutmak we resminamalary elektron görnüşde tabşyrmagyň möhleti 2021-nji ýylyň 25-nji noýabryna çenli uzadyldy. Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň raýatlary bu mümkinçilikden peýdalanyp bilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda bellenilip geçilýär.

“Rossotrudniçestwo” federal agentligi Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň raýatlaryna uniwersitetleriň mugt bölümlerine girmek üçin resminamalary tabşyrmagyň möhletini uzaltdy.

Umuman, 2022/2023-nji ýyllar üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň kwotasynyň çäklerinde rus uniwersitetlerde okamak üçin ýüz tutmagyň möhleti 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda çenli dowam edýär.

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwa kabul edilmäge isleg bildirýänler https://education-in-russia.com internet saýty arkaly ýüz tutup biler.

Ozal hem habar berlişine görä, ýokary okwu mekdeplerine girmek isleýänleri saýlamak işi 2 tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda agentligiň daşary ýurtlardaky wekilhanasy we Russiýanyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan amala aşyrylýar. Ikinji tapgyrda bolsa, rus bilim edarasy saýlama tapgyryny geçirýär.

GDA döwletleri üçin 23 müňe golaý kwota berlipdir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandan 36 müň talyp Russiýanyň ýokary okwu mekdeplerinde bilim alýar.

 

Dünýäde tokaýlar täzeden dikeldiler

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar