Dünýäniň iň uly nebit eksport ediji ýurtlaryň biri hasaplanýan Saud Arabystanyda awtoulagsyz we 100 göterim arassa energiýa bilen üpjün ediljek täze şäheri döretmek göz öňünde tutulýar. Şäheriň ilkinji ýaşaýjylarynyň 2024-nji ýyldan başlap göçüp geljekdigi mälim edildi. Mundan başga-da, ýurduň milli girdejisini takmynan 48 milliard dollar ýokarlandyrjak “The Line” atly şähere 100 milliard dollar bilen 200 milliard dollar aralygynda maýa goýum goýlar.
Saud Arabystanynda mirasdüşer şazada Muhammet bin Salman ýanwar aýynda 170 kilometre uzap gidýän şäher gurjakdygyny habar beripdi. “The Line” ady berlen şäherde hiç hili awtoulag ýollarynyň we awtoulaglaryň bolmajakdygyny aýdypdy. Taslamanyň baş direktory Nadhmi Al-Nasr şäheriň gurluşygynyň ýaňy başlandygyny habar berip, işçileriň şäheriň üç gatyny döretmek üçin ýer gazyp, ýer astynda tunel gazyp başlandygyny aýtdy.
Şäheriň gurluşygy iki tarapdan başlandy. Al-Nasr “Bloomberg” habar gullugyna beren beýanatynda “Bu gaty uly iş. Bir başlangyç nokadyndan başlamagyň ýerine inženerler şäheri iki aýry nokatdan gurup, merkeze tarap gitmek kararyna geldi” -diýdi.
Şeýle-de bolsa, Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbataryndaky daglardan Gyzyl deňze çenli uzalyp gidýän “ The Line” şäheri, aşa ýokary tizlikli tranzit we “özbaşdak hereket çözgütleri” bilen baglanyşykly jemi 1 million adama niýetlener.
Mekdepler, restoranlar, dükanlar we beýleki ýerlere bäş minutda pyýada baryp bolar we islendik nokada barmak üçin 20 minutdan köp wagt sarp edilmeli bolmaz. Al-Nasr şäheriň çyzykly görnüşiniň we ýerasty infrastrukturanyň tebigy landşaftyň 95 göterimini gorap saklamaga kömek etjekdigini aýtdy.
Beýleki tarapdan, Saud Arabystany 380 müň täze iş ýerini döreder we 2030-njy ýyla çenli Saud Arabystanynyň jemi içerki önümini takmynan 48 milliard dollar artdyrar diýlip çaklanylýan “The Line” şäherine 100 milliard bilen 200 milliard dollar aralygynda maýa goýar.