Londondaky “Bonhams” auksion öýüne fransuz imperatory we serkerdesi Napoleon Bonapartyň “Klisson we Ýewgeniýa” atly powestiniň golýazmasy çykaryldy. Auksion öýüniň habar bermegine görä, häzirki wagtda powestiň golýazmasynyň diňe bäş bölümi saklanyp galypdyr. Auksion öýüniň wekilleri 1991-nji ýyla çenli bu golýazmanyň britan demir ýollarynyň gaznasyna degişli bolandygyny, soňra auksionda amerikaly bir kolleksionere satylandygyny bellediler. “Bonhams” auksion öýi şu aýyň 24-ne dört sahypalyk golýazmany satuwa çykarýar.
Londonyň “Bonhams” auksion öýüniň “Kitaplar we golýazmalar” bölüminiň başlygy Metýu Heliý: “Klisson we Ýewgeniýa-nyň baş gahrymany Napoleonyň özüne meňzeýär. Eseriň bu bölegi dünýä taryhynyň iň meşhur we tanymal şahsyýetleriniň birine öwrülmeginiň bosagasyndaky adamyň düşünjesi barada gürrüň berýär”- diýip aýdýar.
