Bütindünýä statistika güni ilkinji gezek 2010-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň 64/267 Karary esasynda döredildi. Bu baýramçylyk 20-nji oktýabrda, her bäş ýyldan bir gezek bellenilýär. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 41-nji mejlisinde bu şanly sene Guramanyň statistika topary tarapyndan yglan edildi.Statistika ykdysady we sosial ösüş üçin möhüm guraldyr. Ol býujetleriň we sosial maksatnamalaryň hemme taraplaryny esaslandyrmaga girýän esasy faktorlardan biridir. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assembleýasy 69/282 Karary bilen 2015-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Has gowy maglumat, has gowy durmuş” şygar esasynda ikinji Bütindünýä statistika güni yglan edildi. 2010-njy ýylyň maglumatyna görä, bu baýramçylyk 103 ýurtda bellenilip geçirilýär. Indiki Bütindünýä statistika güni 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriler.Bütindünýä statistika gününde dünýäniň ýurtlarynyň ençemesi resmi statistikanyň roluny we milli statistika ulgamlarynyň gazananlaryny görkezmek üçin birnäçe çäreleri geçirýärler.
Mähri Baýramowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
18-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama