SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“BioNTech” çagalara sanjym etmek üçin rugsat sorady

“BioNTech / Pfizer” kompaniýalary koronawirus sanjymyny Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 5-11 ýaş aralygyndaky çagalara ulanmak üçin rugsat sorady. Iki kompaniýa beren beýanatynda kliniki synag netijeleriniň ygtyýar bermäge hukugy bolan Ýewropanyň Lukmançylyk Guramasyna (ÝLG) iberilendigini aýtdy. Maglumatlaryň ABŞ-da berlen rugsatnamada ulanylýan maglumatlar bilen birmeňzeşdigi mälim edildi.

Beýanata görä, sanjym 5 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky 2000 çagada rugsat almak üçin saglyk öýlerinde synag edildi. Waksinanyň dozasy 1 iňňe üçin 10 mikrogramma çenli azaldyldy. Uly adamlarda bu mukdaryň 30 mikrogramdygy aýdylýar. Sanjym edilen çagalarda 16-25 ýaş aralygyndakylara meňzeş immun jogaplary bar.

“BioNTech / Pfizer”-iň koronawirus sanjymynyň häzirki wagtda Ýewropada 12 ýaşdan ýokary çagalara şertli rugsat berilýär. Ulular ikinji dozadan 6 aý soň, güýçlendiriji doza diýlip hem atlandyrylýan üçünji dozany alyp bilerler.

 

2022-nji ýylyň iň oňat nyşany üçin bäsleşik yglan edildi

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!