DÜNÝÄ

Hans Klýuge: Türkmenistan sanjym etmekde ýokary orunlarda barýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşykda eden çykyşynda dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada durup geçdi.

BSGG Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge öz çykyşynda hormatly Prezidentimize köpugurly hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändigi hem-de koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy umumy tagallalary üçin hoşallygyny bildirdi.

Doktor Hans Klýuge biziň ýurdumyzyň bu howply ýokanç kesele garşy göreşmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini uly kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki güne çenli ilatyň eýýäm 70 göteriminden gowragyna sanjym edildi. Ýokary derejeli myhman bu ýokary görkezijiler bilen gutlady we beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň has öňde barýandygyny belledi.

 

Lukman alymlaryň halkara maslahaty geçirildi

Ýene-de okaň

ABŞ bilen Ýewropa söwda ylalaşygynda ylalaşdy

Ýaponiýanyň 40-njy ömür dowamlylyk rekordy

Türkmenistan ÝUNESKO bilen geoseýilgäh döreder

Türkmenistanda “SPECA günleri” geçiriler

Türkmenistanyň we Hindistanyň söwda ministrleriniň duşuşygy

Fransiýa Palestinany resmi taýdan ykrar eder

Ata Watan Eserleri