Oba hojalyk pudagy robotlar üçin geljegi uly bolan pudaklaryň biridir. Sebäbi ekerançylyk pudagynda robotlary ulanmak ekinleriň hasyllylygynyň ýokary bolmagyna uly ýardam berýär. Şonuň üçin hem soňky ýyllarda ekerançylyk meýdanlarynda peýdalanyp boljak robotlaryň dürli görnüşlerini oýlap tapmaklyk we olaryň netijeliligini gazanmaklyk boýunça alnyp barylýan işler ýokary derejelere eýe bolýar.
Oýlap tapyşlaryň netijesinde döredilen “Rosphere” roboty topragyň gurplulyk derejesi we ekinleriň ösüş ýagdaýy baradaky maglumatlary ýygnamaklyga ýardam berýär.
Bu robot togalak, şar şekilinde bolup, onuň içinde elektron dolandyryş ulgamynyň buýrugy bilen iki sany özbaşdak hereket edýän maýatnik mehanizmi bardyr.
“Rosphere” robotyň içki mehanizmi onuň hereketini göni ugra we öwrülmäge mümkinçilik berýär. Ekinler baradaky maglumatlary ýygnaýan bu robota takyk baha bermek üçin onuň bilen yzygiderli synaglar geçirildi. synaglarda ekinlerdäki üýtgeşmeleri kesgitlemeklik başartdy. “Rosphere” roboty ekerançylykda anyk maglumatlary ýygnamak üçin amatlydyr.
Bu robot GPS ulgamy we birnäçe gurallar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şonuň netijesinde ol ekinleriň ösüş ýagdaýy, topragyň düzümi, çyglylygy we başga-da birnäçe maglumatlary toplap berýär. Soňra “Rosphere” roboty ekinleriň we topragyň ýagdaýy baradaky toplan maglumatlaryny Wi-fi arkaly ekinlere gözegçilik edijiniň kompýuterine geçirýär.
Hojamyradow Wepamyrat
TOHU-nyň mugallymy
Türkmenistanyň Prezidenti Ãaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady