Belli bolşy ýaly, “Nobel” baýragy dünýäniň ähli künjeginden alymlara himiýada, fizikada, lukmançylykda, edebiýatda gazanan üstünlikleri we tanymal işleri üçin, şeýle-de parahatçylygy gorap saklamakda bitiren ägirt uly işleri boýunça halkara guramalaryna berilýär. 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Merkezi banky Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet ylmy ugry boýunça baýragyny döredýär. Baýrak Şwesiýanyň Korollyk ylymlar akademiýasy tarapyndan berilýär. Bu baýraga dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe dalaşgär ylmy işlerini hödürleýär. Şolaryň arasyndan Elinor Ostrom “Nobel” baýragynyň taryhynda ykdysadyýet ylmy ugry boýunça ilkinji zenan laureatdyr. Ol ykdysady gurama ugrundaky gözlegleri üçin bu baýraga mynasyp bolan ilkinji zenandyr.Elinor Ostrom – görnükli amerikan syýasatçysy we ykdysatçysy bolup, ol Los-Anjelesde dünýä inýär. Tanymal ykdysatçy we syýasatşynas zenan Elinor Ostrom filosofiýa ylymlarynyň doktory diýen ylmy derejäni 1965-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles ştatyndaky Kaliforniýa uniwersitetinde aldy. 1974-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli Indiana uniwersitetinde zähmet çekdi. Görnükli zenan öz işlerinde önümleriň we hyzmatlaryň önümçilige edýän täsirini, ähmiýetini nygtaýar. Soňky ýazan işleri bolsa uzak möhletleýin we dowamly ekin baýlyklaryny saklamak babatda ekosistemalar bilen özara gatnaşygyna gönükdirilendir. E.Ostrom bu ugurda sekiz sany ýörelgäni hödürläpdir. Ol daşky gurşawyň ýok bolmagyna garşy utgaşdyryjy işleri ýola goýmak ugrunda dünýä derejesinde ýeke-täk döwlet edarasyny döretmek babatda teklip berdi. Şulardan hem görnüşi ýaly, Elinor Ostromyň diňe bir ykdysadyýet ugry boýunça däl-de, syýasatda hem görnükli işleri alyp barandygyny bellemek ýerlik bolar.
Görnükli ykdysatçy zenanyň gazanan beýleki üstünlikleri:
1997ý – Frenk Seýdman baýragy;
1999ý – syýasatda bitiren işleri üçin Ýuhana Şýutte baýragy, şeýlelik bilen ol bu ugurda hem bu baýragy alan ilkinji zenan bolýar;
2002ý – Halkara sosial gözlegler institutynyň baýragy;
2004ý – ABŞ-nyň Milli Ylymlar akademiýasynyň baýragy;
2005ý – ABŞ-nyň syýasy ylymlar assosiasiýasynyň baýragy;
2008ý – ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça kadalaşdyryjy edaralary öwrenmek we gözlegleri alyp barmak we gözlegiň syýasat üçin täsirini açyp görkezmek babatda bitiren işleri üçin W.H.Riker baýragyny alan ilkinji zenan;
2010ý – U.Reader žurnaly ony dünýäni üýtgeden 25 ynsanyň sanawyna goşýar;
2012ý – Time žurnaly görnükli zenany dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň biri diýip atlandyrýar.
Jahan Söýünowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň öwreniji mugallymy
4-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama
