SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kaliforniýada 12 ýaşdan uly çagalar üçin Covid-19 sanjymy hökmany

ABŞ-da ilkinji gezek Kaliforniýa ştatynda azyk we derman senagaty müdirliginiň doly tassyklamasy alnandan soň, Covid-19 sanjymynyň 12 ýaş we ähli çagalar üçin hökmany boljakdygy habar berildi. Bu kararyň netijesinde, çagalara 2022-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli sanjym ediljekdigini mälim etdiler. Çagalar bagyndan, 6-njy synpa çenli çagalara hem ýuwaş-ýuwaşdan sanjym ediljekdigini hem habar berdiler.

“Covid-19” epidemiýasynyň öňüni almak üçin çykaran kararlary barada häkim “Maksadymyza ýetmek üçin henizem agyr göreş bar” diýdi.

ABŞ-da diňe 16 ýaş we ondan uly şahslar üçin “Pfizer-BioNTech Covid-19” sanjymy hökümet tarapyndan doly tassyklandy we maý aýyndan bäri 12-15 ýaş aralygyndaky çagalara sanjym etmek üçin gyssagly kömek ulanylýar. Ýurtda 5-11 ýaş aralygyndaky çagalara sanjym etmek üçin noýabr aýynda gyssagly ulanyş rugsady berilmegi ähtimal.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “TASS” habarlar gullugy bilen söhbetdeÅŸligi

Related posts

«Qantas» syrly uçuşlary amala aşyrar

Hytaý 27 ýurda sanjym eksport etdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy”: Taýlanda gidýän ýolagçylaryň dykgatyna

Ata Watan Eserleri