DÜNÝÄ

Türkmenistanda uçdantutma ilat ýazuwy geçiriler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde 2022-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, olar geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça seçilip alyndy.

Hormatly Prezidentimiz geljek ýylda geçiriljek ilaty ýazuwynyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzüminiň hem-de ýurdumyzda raýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy baradaky anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi.

Munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz “Ilat ýazuwy 2022 – jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” diýen şygaryň hem-de nyşanyň hödürlenen taslamalaryny makullady.

Nyşanda Döwlet baýdagy, “Ak öý” binasy, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan “2022” ýazgy şekillendirildi.

Hormatly Prezidentimiz bu çäräni halkara talaplaryna laýyklykda, üstünlik geçirmek maksady bilen, oňa taýýarlanmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

 

Özbegistandan oba hojalyk tehnikalary we himiýa önümleri satyn alnar

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk