SPORT

Gyşky Olimpiýa oýunlaryna halkara janköýerleri çagyrylmaýar

Daşary ýurt janköýerleri Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmezler. Bu barada Halkara Olimpiýa komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Diňe Hytaýyň ýaşaýjylary bu oýunlara gatnaşyp bilerler. Ýöne, olar hem petek satyn almazdan ozal, koronawirus ýokanjyna garşy göz öňünde tutulýan degişli talaplary berjaý etmeli bolarlar.

Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlary ýaly, Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlaryna ýerli raýatlar gatnaşdyrylar.

Türgenler üçin hem hoş habar berildi. Koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolan türgenler karantin çärelerine tabyn bolmazlar. Sanjym bolmadyk türgenler 21 günlük karantin talaplaryny berjaý etmeli bolarlar. Şonuň ýaly-da, gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe oňa gatnaşyjylaryň ählisi gündelik “Covid-19” test synagyndan geçerler.

Mälim bolşy ýaly, Pekin şäherindäki gyşky Olimpiýa oýunlary 4-20-nji fewral aralygynda geçiriler. Bu oýunlar üçin Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy Gresiýanyň Peloponnes sebitindäki gadymy Olimpiýa mekanynda 18-nji oktýabrda çäklendirilen adamyň gatnaşmagynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Bäsleşik: onlaýn wideo bäsleşigi

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri