SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda Russiýa ýörite uçar gatnawy gurnalar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň telegram kanalynyň habaryna görä, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi “S7” awiakompaniýasynyň nobatdaky ýörite uçar gatnawy 29-njy sentýabrda Aşgabat-Moskwa ugry boýunça meýilleşdirilýändigi mälim edildi.

“Sng.Today” internet neşiriniň hem habaryna görä, bu pandemiýa başlaly bäri 22-nji ýörite uçar gatnawy bolae. Türkmenistandan Russiýa soňky geze ýörite uçar gatnawy 17-nji sentýabrda gurnalypdy.

Şeýle hem Domodedowo halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda “S7” awiakompaniýasynyň “8536” belgili gatnawynyň tertibe goşulandygy habar berildi.

Ozal habar berişimiz ýaly, 17-njy sentýabrda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” gatnawyndan 177 ýolagçy peýdalanypdy.

 

“Makul Sözlük” indi türk dilinde : 3 dilde onlaýn sözlük

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

Related posts

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýerli we halkara howa gatnawlaryň täze rejesi

Ata Watan Eserleri

Her gün 1 dollarlyk çykdajy bilen 250 döwlete syýahat etdi

Beýik Britaniýa sanjym satyn alar

Ata Watan Eserleri