SIZDEN GELENLER

Kädi çigidiniň adam saglygyna peýdasy

Kädi çigidiniň beden üçin peýdaly köp maddalar bar. Köp sanly witaminlerden durýar. Düzüminde: pektin, Omega-6 we Omega-3,sellýuloza, aminokislotalar, demir marganes we fosfor, mis we sink, ýod we selen, kobalt, hlor we kremniý bardyr. Kädi çigidi iň möhüm witamin birleşmelerini köp mukdarda saklaýar. Ýagny,

  • witamin PP;
  • A we E witaminleri;
  • D witamini;
  • C witamini;
  • B1 toparyndan witaminler, B1-den B9-a çenli doly düzümde.

Iýmitlendiriji maddalar babatynda kädiniň çigidinde energiýa gymmaty esasan ýaglar bilen görkezilýär – takmynan 45 gr. Beloklar 24,5 gr, uglewodlar – 20 gr.

Kädi çigidiniň günebakar tohumlaryndan has az duş gelýär, ýöne bedene has köp peýda getirýär. Olarda köp mukdarda fosfor we köp mukdarda sink ätiýaçlyklary bar. Mundan başga-da, kädiniň çiginde kaloriýada has az, 100 g önümde günebakar çiginde meňzeş bölegine garanyňda takmynan 40 kkal az bolýar.

Kädi çigidiniň adam saglygyna peýdasy esasanam:

  • gan aýlanyş ulgamynyň ýagdaýyny gowulaşdyrmak we gan damarlaryny giňeldýär;
  • ýürek keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar;
  • gan holesterini azaltmak;
  • nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär, nerw ulgamyny kadalaşdyrýar, beýniniň işleýşini gowulandyrýar, ukusyzlygy we stres alamatlaryny ýok edýär;
  • önümdäki E witamini garramagy haýallaşdyrýar;
  • iýmit siňdirişini kadalaşdyrmak;

Önümde zerur bolan minerallar we witaminleri ilkinji nobatda bellemek bolar.

Nurgeldiýew Batyr

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Türkmenistanyň Prezidenti Duşanbe şäherine bardy

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Milli arhiwiň ähmiýeti

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri