JEMGYÝET

16-njy sentýabrdaky howa maglumaty: Aşgabatda 38 dereje yssy bolar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 16-njy sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +21° maýyl, gündizine +36… +38° yssy bolar. Howanyňbasyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Arçabilde: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +20° maýyl, gündizine +35… +37° yssy bolar. Howanyňbasyşy 702 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Balkan welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23° maýyl, gündizine +32… +37° yssy, kenarýaka etraplarynda +26… +31° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +29… +31°, basyşy 753 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Awazada: howa +28… +30°, basyşy 759 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkanabat şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 757 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 739 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Tejen şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 742 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Mary welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15… +20° maýyl, gündizine +32… +37° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 739 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Baýramaly şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +14… +19° maýyl, gündizine +32… +37° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Kerki şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 734 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Daşoguz welaýatynda: açyk howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +13… +18°, gündizine +30… +35° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 751 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 749 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

 

16-njy sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy