SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistana “Pfizer-BioNTech” sanjymy getirildi

Özbegistan Respublikasyna ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan bölünip berlen “COVAX” maksatnamasynyň çäklerinde “Pfizer-BioNTech” sanjymynyň 1 million 200 müň dozasy getirildi. Bu barada özbek metbugatynda habar berildi.

– Biziň hemmämiz COVID-19-a garşy göreşde global raýdaşlygyň şaýady bolýarys we berlen goldaw üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris – diýip, Özbegistan Respublikasynyň sanitariýa-epidemiologiýa we jemgyýetçilik saglygy gullugynyň başlygy Bahodyr Ýusupaliýew belläp geçdi.

Gelen sanjymlar ýurduň lukmançylyk edaralaryna paýlanar. COVAX mkasatnamasynyň çäklerinde golaý wagtda ýurda ýene-de sanjymlaryň gelmegine garaşylýar. Bu maksatnama, ähli ýurtlary howpsuz we täsirli sanjym bilen üpjün etmegi maksat edinýär.

Özbegistanda “ZF-UZ-VAC2001”, “AstraZeneca”, “Sputnik V” we “Moderna” sanjymlary ulanýar.

 

ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammiti

Related posts

Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibi täzelendi

“Türkmenhowaýollary” Kazan we Jidde ugurlaryna uçar gatnawlaryň sanyny artdyrýar

Täze sanjymlar:keselleriň öňüni alyş Milli sanjym tertibi

Ata Watan Eserleri