BIZNES

Ukrainada kriptowalýuta ulanmaga mümkinçilik döreýär

Salwador Respublikasynyň bitkoini resmi walýuta hökmünde ulanyp başlandan soň, Ukrainanyň mejlisi bitkoin kriptowalýutany ulanmak babatda täze kanun kabul etdi. Salwadordan tapawutlylykda Ukrainada kriptowalýuta resmi töleg serişdesi däl-de, maliýe baýlygy hökmünde kesgitlenýär.

Ukrainanyň mejlisinde deputatlaryň 276-synyň ses bermeginde bitkoin we beýleki kriptowalýutalary kanuny taýdan ykrar etmek babatda çözgüt kabul edildi. Ýurtda kriptowalýuta söwdasynda öň hiç hili çäklendirme ýokdy. Şeýle-de bolsa, ýurduň prezidenti Wladimir Zelenskiniň bu kanun taslamasyna gol çekmegi bilen güýje girjek kanun esasynda kriptowalýuta kanuny esaslara eýe bolýar.

Maýadarlar we kriptowalýutaçylar galplyklardan kanuny taýdan goralmaga mümkinçilik alarlar. Ukrainalylar gündelik töleglerini bolsa ýerli walýutada dowam etdirerler.

Ukrainanyň geljekde kripto düzgünlerini nädip düzgünleşdirjekdigini kesgitläp biler. Sanly özgeriş ministrliginiň metbugat sekretary: “Sanly ulgamda 2022-nji ýyla çenli kärhanalara we maýadarlara kripto walýuta bazaryny açmagy meýilleşdirýär” diýip, “Kyiv Post” gazetine habar berýär. Ukrainanyň sanly özgerişler ministri Mihaýlo Fedorow ýakynda ýurduň milli bankynyň sanly walýuta çykaryp biljekdigi üçin töleg bazarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny mälim etdi.

 

Dubaýda ekometjit açyldy

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik forumy geçirildi

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar