“Porsche” kompaniýasy durnukly materiallardan ýasalan ilkinji elektrik togy bilen işleýän “Mission R” sport ulagyny tanyşdyrdy. 0-dan 100 kilometr tizlige 2,5 sekuntda çykyp biljek bu ulag 1088 at güýjüne eýedir.
Pandemiýa sebäpli 2 ýyllyk arakesmeden soň Mýunhende geçirilen awtoulag sergisinde täze ulaglar tanyşdyrylýar. Şeýle ulaglaryň biri hem “Porsche” kompaniýasynyň “Mission R” sport ulagydyr.
“Mission R” ulagy 1088 at güýjüne ýetip biler, ulagyň durnukly güýji 689 at güýjüne eýedir. “Mission R” ulagynyň beýikligi bary-ýogy 1,2 metr, uzynlygy 4,3 metr we ini 1,9 metrdir.
