BIZNES

Daşary ýurt telekeçileri awiabenzin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Maltanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiabenzini we awiakerosini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniňwe Pakistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 853 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 4 million 712 müň manatlyk plastik poddonlary, şeýle hem bahasy ABŞ-nyň 100 müň dollaryna golaý bolan portland sementi satyn aldylar.

 

Ýapon Imperatoryna hat

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar