BIZNES

31 desga hususylaşdyrylar

Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işini çalt depginde dowam edýän döwründe ýene-de 31 döwlete degişli desganyň hususylaşdyrylmagyna degişli bildiriş çap edildi. “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişe görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwda 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.

Bu bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat hakimliklerine degişli 31 desga bar.

Bäsleşikli söwda baradaky bildirişde desgalaryň ady, olaryň degişli bolan edaralary, eýeleýän meýdany, gurlan senesi we başlangyç bahasy barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Şol maglumatlar esasynda Daşogzuň jemgyýetçilik abatlaýyş we gurluşyk trestiniň Daşoguz turba zawody 19 716 560,00 manatlyk başlangyç bahasy bilen iň uly bahaly desga bolup durýar.

Şeýle hem bu bildirişde 19 129,00 manatlyk başlangyç bahasy bilen Mary welaýatyndaky “Marygurluşyk” birleşiginiň 9-njy gurluşyk we gurnama bölüminiň naharhanasy iň arzan desga bolup durýar.

Mundan başga-da, bu gezekki bildirişde Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli söwda merkezleri we dükanlar hem hususylaşdyrylar.

 

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ýene-de okaň

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi

Pekin şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar

Özbegistanda üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi

Türkmenistan Malaýziýadaky halkara sergä taýýarlyk görýär

Türkmen wekiliýeti Katardaky sergä gatnaşýar