SPORT

Şomurodowyň transferine polşalylar hem begendi

Özbegistanly hüjümçi Eldor Şomurodowyň «Roma» toparyna transferi diňe bir ýaşyl meýdanda däl, eýsem, ondan daşarda hem üstünlikleri, hoş habarlary alyp geldi.

Has takygy, özbek futbolçysynyň Rim şäheriniň toparyna geçmegi bilen polşaly maşgala mundan birnäçe wagt ozal ýitiren gyzyna gowuşdy.

Bu ýagdaý nähili bolup geçdi? «Roma» topary 2019-njy ýyldan bäri dünýäniň dürli künjeklerinde ýiten çagalaryň suratlaryny täze oýunçylaryny tanyşdyryş wideogörnüşlerinde ulanyp gelýär. Şeýtmek bilen topar olaryň maşgalasyna gowuşmagy üçin goşant goşmagy maksat edinýär. Şonuň üçin hem çaganyň suratynyň ýanynda degişli salgylar we telefon belgileri hem ýerleşdirilýär.

Şeýlelikde, Şomurodowyň tanyşdyrylyş wideogörnüşlerinde görkezilen polşaly çagajyk maşgalasyna gowuşdy. Ol «Romanyň» kampaniýa başlaly bäri maşgalasy bilen duşuran 12-nji çagasy boldy.

Irlandiýanyň işewürleri nah ýüplik satyn aldy

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar