SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Ýewro-2020” Angliýada koronawirusyň ýaýramagyna sebäpkärmi?

Angliýada çap edilýän “The Times” neşiri angilýaly lukmanlaryň futbol boýunça “Ýewro-2020” çempionaty final tapgyrynyň  Londonda geçirilmegi koronawirusyň tutuş döwlet boýunça giňden ýaýramagynda “özüne mahsus ýagdaýda hyzmat edendigi” dogrusyndaky ýüzlenmesini ykrar etdi.

Ýüzlenmede aýdylmagyna görä, şol final oýnuna dogrudan-dogry stadionda tomaşa eden 67 müň futbol janköýerleriniň azyndan 2300 sanyndan köpüsi keseli göterijiler boldupdyr. Olar hem öz gezeginde 3500-den gowrak adam bilen aragatnaşyk edendigi sebäpli, wirusyň döwlet boýunça “erkin” syýahat edýändigini aýdylýar.

Bu howply ýagdaýyň ýüze çykandygy sebäpli ýurduň lukmanlary “The Times” neşriniň üsti bilen Angliýanyň halkyna derrew koronawirusa garşy  derman serişdeleri bilen sanjym edilmäge çagyrdy.

Ilat ýazuwy üçin raýatlar işe çekiler : Planşetli ilatdan soraşdyrma

Related posts

Türkmenistan “Qatar Airways” bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Türkmenistan sanjym geçirmekde Hytaý bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer

Ata Watan Eserleri