DÜNÝÄ

Sudokuny oýlap tapan aradan çykdy

Her gün dünýäde millionlarça adamyň işjeňlik bilen çözýän “sudoku”  tapmaçasyny oýlap tapan Maki Kaji 69 ýaşynda düwnük keselinden aradan çykdy. Ýaponiýanyň ilkinji tapmaça žurnalyny esaslandyran Kaji geçen aýa çenli täze tapmaçalary düzmegi dowam etdirdi.

Öz ýurdunyň ilkinji krossword žurnalyny döretmezden ozal, uniwersitetdäki bilimini ýaryda taşlap, çaphanada işlän Kaji Maki “sudoku” diýip atlandyrýan güýmenjäni döretmek üçin bar bolan sanly tapmaçadan peýdalandy.

Şeýlelikde, ol 80-nji ýyllaryň ortalarynda ýapon dilinde “her san täk bolmaly” diýen manyny berýän “sudoku” tapmaçasyny döretdi.

SUDOKU NÄME?

Soňky ýyllarda gazet-žurnallaryň sahypalarynda yzygiderli orun alan güýmenjeli tapmaça bolan “sudoku” ýaponlaryň meşhur paýhas oýunlarynyň biridir. Krossworddan tapawutlylykda sudokuny çözmek üçin haýsydyr bir dili bilmek hökman däl. Bu tapmaçanyň dili dünýäniň ähli halklaryna düşnükli bolan matematika dilidir. 9×9 gözenekli sudokuda her sütüni, her setiri we 3×3 gözenegi 1-9 aralykdaky sanlar bilen doldurmaly. Oýnuň başynda 9×9 gözenekdäki käbir öýjükler doldurylan ýagdaýda hödürlenýär.

SUDOKU BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY

Sudoku bütin dünýäde 100 milliondan gowrak adamyň gündelik durmuşyna ornaşdy. Bilermenler tarapyndan tapmaçanyň bu görnüşi adamlaryň zehin başarnyklaryny ösdürmäge goşant goşýandygyny belleýärler. Has köp gyzyklanma döreden tapmaçanyň bu görnüşi babatda dünýä çempionaty hem guralýar. Sudoku boýunça dünýä çempionaty 2006-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.

17-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär