Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.
Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +24° maýyl, gündizine +38… +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 5 — 25 %.
Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25… +30° maýyl, gündizine +36… +41°, kenarýaka etraplarynda +34… +39° yssy bolar
Türkmenbaşy şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 749 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Awazada: howa +36… +38°, basyşy 755 mm, çyglylygy 20-40 %.
Balkanabat şäherinde: howa +39… +41°, basyşy 758 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +25° maýyl, gündizine +35… +40° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +38… +40°, basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Tejen şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 740 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Mary welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +34… +39° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Baýramaly şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Lebap welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19… +24° maýyl, gündizine +33… +38° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 740 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 734 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23°, gündizine +31… +36° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 751 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 753 mm, çyglylygy 25 — 45 %.