BIZNES

“Forbes”: Bill Geýts 5-nji orna düşdi

“Forbes” žurnalynyň täze sanawyna görä, “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts aýrylyşandan soň dünýäniň baýlarynyň sanawynda 5-nji orny eýeledi.

Neşiriň habaryna görä, häzirki wagtda onuň baýlygy 129,6 milliard dollar. Dördünji orny “Facebook” -yň döredijisi Mark Zukerberg (130,3 milliard dollar) eýeleýär.

Häzirki wagtda “Louis Vuitton Moët Hennessy” toparynyň prezidenti Bernard Arno milliarderleriniň sanawynda birinji ýeri eýeleýär. Arnonyň baýlygy 186,3 milliard dollara deň boldy. Ikinji oýunda “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjy Jeff Bezos barýar we onuň emlägi 186 milliard dollara deňdir.

Üçünji orunda “Tesla we “SpacеХ” kompaniýalarynyň esaslandyryjy Ilon Mask barýar we onuň baýlygy 147,3 milliard dollara barabardyr.

“Microsoft” kompaniýasy 1975-nji ýylda Bill Geýts we Pol Allen tarapyndan esaslandyryldy. Baş edarasy Waşingtonyň Redmond şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa, hususan-da, “Microsoft Windows” operasiýa ulgamyny dörediji bolup durýar.

 

Kosmosda Olimpiýa oýunlary

 

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi