SPORT

Fransiýanyň Superkubogyny kim gazandy?

Fransiýanyň “Ligue 1” futbol çempionatynyň başlanmagyna birnäçe gün galan ýurduň Superkubogyny gazanmak ugrunda ýaryş geçirildi. Onda ýurduň öňdebaryjy topary Neýmarly, Mpabbeli, Serhio Ramosly, Donnarummaly “PSŽ” topary Fransiýanyň çempiony “Lill” topary bilen duşuşdy.

Ysraýylyň Тel-Awiw şäherindäki “”Bloomfield” stadionynda geçirilen duşuşykda “Lill” topary güýçli garşydaşyny 1:0 hasabynda utdy. Ýeňiş gazanan toparynyň ýeke-täk golyny 45-nji minutda Şeka öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, Fransiýanyň futbol taryhynda “Lill” topary ilkinji gezek Fransiýanyň Superkubogyny gazandy. “Lill” toparynyň çempion bolmagyna goşant goşan Türkiýäniň milli ýygyndysynyň hem futbolçysy Burak Ýylmaz bu duşuşykda oýnady.

“PSŽ” toparyndan Neýmar, Kilian Mbappe, Serhio Ramos hem-de Jinaliji Donnarumma ýaly futbolçylar oýnamady. Fransuz toparynyň Angliýanyň “Liwerpul” toparyndan satyn alan futbolçysy Weýnaldum bu duşuşykda täze toparynyň düzüminde ilkinji duşuygyny geçirdi.  “PSŽ” topary mundan ozal, 10 gezek Fransiýanyň Superkubogyny gazandy.

Fransiýanyň milli çempionatynyň 2021/2022-nji möwsümi 6-njy awgustda başlaýar.

 

 

Tokio-2020: ýeňil atletikada gazanylan medallar

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy