SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýady uzak wagtlap saklamaga synanyşylýar

Kembrij we Lids uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeler zerarly zeper ýeten ýady dikeltmegiň usulyny tapdylar. Syçanlarda üstünlikli synag geçirildi. Geljekde bu maglumatlar adamlar üçin bejeriş usullaryny ösdürmäge kömek edip biler.

Mundan ozalky barlaglara görä, adamlaryňp ýady olaryň beýnisiniň öýjük däl matriksindäki üýtgetmeler zerarly ýadyny ýitirýändigi bellenildi. Alymlar perineýronal torlara üns erip, şol ulgamda iş alyp barýarlar. Bu ýerde kelle beýniniň işini peseldýän neýronlar bar.Olaryň esasy işi beýniniň deň ölçegliligini saklamakdan ybaratdyr.

Alymlar 20 aýlyk syçanlar bilen birnäçe synag geçirdiler. Şonuň netijesinde, perineýronal torlardaky birleşmeler esasynda ýadyň uzak wagtlap saklanyp galmagynyň gazanmak ugrunda iş alnyp barylýar.

 

 

Öz ýurdunyň ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy

Related posts

Bedenimiziň gözelleşmegine täsir edýän miweler

Bill Geýtsiň maýa goýan 4 sanjym öndürijisi

Ata Watan Eserleri

“Türkmenhowaýollary” agentligi: 289 zyýaratçyny Saud Arabystanyna äkider