Xiaomi telefon öndürýän şereket birnäçe akylly telefonlaryň üstünde işleýändigini duýurdy. Olaryň biriniň Xiaomi Mi CC 11 diýlip atlandyrylandygy habar berildi. Täze telefonyň awgust aýynda satuwa çykmagyna garaşylýar. Hytaýly birnäçe habar çeşmeleri Mi CC 11 we Mi CC 11 Pro diýlip atlandyrylan telefonlaryň aýratynlyklaryny barada birnäçe maglumatlary paýlaşdylar.
Mi CC 11 telefony 90 Hz täzelenme tizligine eýe bolup, OLED ekran we Qualcomm Snapdragon 780 G yonga toplumy bilen üpjün edilen. Telefonyň arka tarapyndaky kameralar moduly 64 megapiksellik esasy linzadan we telefoto linzadan ybarat bolar.
Mi CC 11 Pro telefony bolsa Qualcomm Snapdragon 870, OLED ekran, 90 Hz we ondan has ýokary täzelenme tizligine eýe bolar. Telefonyň arkasynda 5 esse ýakynlaşdyryjy periskop ýerleşdiriler. Pro modelde 108 megapiksel kamera bilen üpjün ediler.
Mi Note seriýasy satuwdaky iň gowy kamera sistemasyna eýe telefonlar hökmünde bilinýär. Çykan habarlara görä, täze telefon hem 200 megapiksel sensor we 12x optiki zoom bilen üpjün ediler.
Xiaomi Mi CC 11 atly akylly telefonyň ýakyn wagtda satuwa çykjakdygy baradaky habarlar onuň Xiaomi Note seriýasyna goşuljakdygyny görkezýär. Şeýle-de täze telefon MIUI 13-i alan ilkinji telefon bolar.
Xiaominiň täze telefonynyň 400 dollar baha bilen satuwa çykmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Xiaomi Mi 12 baradaky habarlar hem dünýä metbugatynda giňişleýin ýaýrady. Habarlara görä, Mi 12 200 megapiksel linza we Qualcomm Snapdragon 895 yonga toplumy bilen üpjün ediler. Telefonyň şu ýylyň ahyrynda satuwa çykmagyna garaşylýar.
Bulardan görnüşi ýaly, Xiaomi ýene ulanyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başardy.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.